24-nji ýanwarda Microsoft korporasiýasynyň umumy kapitalizasiýasy paýnamalaryň bahasynyň 1,5% ýokarlanmagy netijesinde 3 trln dollardan geçdi. Şeýlelik bilen, Satýa Nadellanyň kompaniýasy dünýäde şeýle derejä ýetmegi başaran ikinji korporasiýa boldy. Bu barada championat.com habar berýär. Öň, bazar bahasy 3 trln dollar bolan ilkinji kompaniýa Apple bolupdy. Ol şeýle uly derejä 2020-nji ýylda ýetdi – häzir hem korporasiýa 3,017 trln dollar görkeziji bilen öňdebaryjylygy saklaýar. Microsoft-yň paýnamalary kompaniýanyň emeli aň pudagyndaky anonslary netijesinde ýokarlanmagyny dowam etdirýär. Korporasiýa her aýda özüniň emeli aň pudagynda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýär. Şol bir wagtyň özünde, Apple kompaniýasy ýakynda analitikleriň Hytaýda iPhone smartfonlarynyň satuwynyň pes bolmagy bilen baglanyşykly aladalary sebäpli paýnamalarynyň bahasyny ýitirip başlady.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir