Aktýor Raýan Reýnolds X sosial ulgamynda “Dedpul 3” filminiň surata düşürilişiniň resmi taýdan tamamlanandygyny habar berdi. Baş keşbi ýerine ýetiriji lentanyň üstünde işlänleriň ählisine, şol sanda Hýu Jekmana we režissýor Şon Lewä minnetdarlyk bildirdi diýip, championat.com habar berýär. “...Biziň filmimiziň ýel, ýagyş, iş taşlaýyşlar bilen göreşen aktýorlaryna we surata düşüriji topara uly hem baky minnetdarlyk – Hýu Jekmana aýratyn minnetdarlygymy bildirýärin. Ähli işler Şon Lewiniň berk ýolbaşçylygynda bolup geçdi”. “Dedpul 3” filminiň sýužeti barada maglumatlar heniz belli däl, ýöne wakalar wagt taýdan syýahaty we alternatiw älemleri öz içine alyp biler. Häzirki wagtda muşdaklar üçin bu Marvel Studios-yň iň köp garaşylýan filmidir. Dünýä prokatynda lentanyň premýerasy 26-njy iýulda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir