Ferrari kompaniýasy ýelkenli sport üçin öz toparyny döredendigini, onuň ýolbaşçysynyň bolsa köp ýyllap Maserati kompaniýasy bilen işleşen Jowanni Soldininiň boljakdygyny habar berdi. Bu barada championat.com belleýär. Kompaniýa bu taslama üçin – konsepsiýany döretmek tapgyryndan başlap, gämini taslamak we ony gurmak tapgyryna çenli – özüniň ähli öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanjakdygyny belledi. Maranelloda geljekde bu tejribäniň kompaniýanyň sportkarlaryna-da oňyn täsir etmegine bil baglanylýar. “Biz ýaryş ruhumyzy güýçlendirjek gyzykly syýahatyň bosagasynda. Biziň potensialymyz adaty çäklerden çykmaga we soňky innowasiýalarymyzy görkezmäge mümkinçilik berer” – diýip, Ferrari-niň prezidenti Jon Elkann belleýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir