“Alfa Tauri” “Formula-1-iň” 2024-möwsümi başlamazdan öň adyny üýtgetdi. Bu barada toparyň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär. Titul hemaýatkärini üýtgeden topar indi Visa Cash App RB adyny göterer. Bellenilişi ýaly, Visa kompaniýasy bilen şertnama birnäçe ýyla niýetlenýär. Topar 2006-njy ýyldan bäri “Topo Pocco” ady bilen hereket etdi. 2019-njy ýylyň ahyrynda “Alfa Tauri” adyny aldy. Ol pelotonda “Red Bull” kompaniýasyna degişli bolan ikinji topardyr. Geçen möwsümde “Alfa Tauri” Konstruktorlaryň kubogynda sekizinji orny eýeledi. Geljekki çempionatda topara awstraliýaly Daniel Rikkýardo we ýaponiýaly Ýuki Sunoda wekilçilik eder. Möwsümden öňki synaglar 21-23-nji fewralda Bahreýnde geçiriler, şondan soň ýurt täze möwsümiň ilkinji tapgyryny kabul eder. Ol 29-njy fewraldan 2-nji mart aralygynda geçiriler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir