Tesla kompaniýasy 2025-nji ýylyň ortalarynda Redwood ady bilen täze elektromobil modelini çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, TASS habar berýär. Awtomobil sarp edijiler köpçüligine niýetlenen ykjam krossower hökmünde häsiýetlendirilýär. Onuň başlangyç bahasy, takmynan, 25 müň dollar. Krossoweriň arzan bahasy kompaniýanyň BYD ýaly hytaý bäsdeşleri bilen bäsleşmegine mümkinçilik berer diýip, agentlik belleýär. Çeşmelere görä, Tesla bir hepdede 10 müňe golaý täze nesil elektromobilini öndürmegi göz öňünde tutýar. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda kompaniýanyň eýesi Ilon Mask prototipiniň tanyşdyrylyşyndan dört ýyldan soň Demirgazyk Amerikada täze Cybertruck elektropikapynyň satuwynyň başlanandygyny habar berdi. ABŞ-da onuň başlangyç bahasy 61 müň dollara barabar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir