2023-2024-nji okuw ýylynda Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmenistanly talyplaryň sany 2020-ä ýetdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Metbugat gullugy «Başinform» habar gullugyna salgylanyp habar berýär. RF-niň subýektiniň statistik müdirliginiň maglumatlaryna görä, bu GDA ýurtlarynyň arasynda iň ýokary görkezijidir. Başgyrdystanyň uniwersitetlerinde we şahamçalarynda şu okuw ýylynyň dowamynda jemi 105 müň talyp okaýar. Türkmenistandan başga-da, Täjigistandan (1472 adam), Özbegistandan (544 adam) we beýleki goňşy ýurtlardan köp sanly talyplar okap bilim alýarlar. Şeýle hem Aziýadan we Afrikadan, hususan-da Hindistandan, Müsürden, Hytaýdan hem-de beýleki ýurtlardan bolan talyplar ýokary bilim almak üçin Başgyrdystan Respublikasyna gelýärler. Respublikanyň Statistika müdirliginde bellenilişi ýaly, daşary ýurtly talyplar hem býujet esasynda, hem tölegli esasda okaýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir