Disney kompaniýasy ýörite Apple Vision Pro AR äýneginiň çykmagyna bagyşlap, birnäçe 3D filmleri çykarar. Bu barada RBK habar berýär. Disney+ abunaçylaryna Dewid Kemeronyň “Awatar: Suw ýoly”, Deni Wilnýowyň “Dýuna” filmi, “Ýyldyz söweşijileri: Güýjüň oýanmagy”, “Ar alyjylar: Final” we “Doganlar Super Mario kinoda” elýeterli bolar. Bu kartinalary Apple TV goşundysynyň üsti bilen kärendesine almak bolar. Garyşyk hakykat äýnekleriniň satuwy iki hepdeden başlar, deslapky sargytlar eýýäm 19-njy ýanwarda açyldy. Apple saýtynda Vision Pro äýneklerinde 3D formatda 150-den gowrak filmiň elýeterli boljakdygy barada maglumatlar peýda boldy. Äýneklerde filmlere tomaşa etmek üçin ýörite dinamiki fonlary ulanmak bolar. Şeýle-de, ulanyjylar äýneklerde 4 ESPN, NBA, MLB, PGA Tour, Max, Discovery+, Amazon Prime Video, Paramount+, Peacock, Pluto TV, Tubi, Fubo, Crunchyroll, Red Bull TV, IMAX, TikTok we MUBI serwisleriniň goşundylarynyň kömegi bilen, şeýle-de Safari we beýleki brauzerler arkaly telegepleşikleri, sport ýaryşlaryny we ş.m. ýükläp hem tomaşa edip bilerler. Vision Pro 2023-nji ýylyň iýun aýynda Bütindünýä işläp düzüjileriň konferensiýasynda hödürlendi. Iýul aýynda Apple-iň meýilleşdirilenden iki esse az äýnek çykarjakdygy belli boldy. Ilkibaşda, kompaniýa satuwyň ilkinji 12 aýynda 1 mln garnitura çykarmakçydy, ýöne soň görkeziji 400 müň birlige çenli azaldy. Munuň sebäbi Vision Pro-nyň önümçilikde kynçylyk döredýän çylşyrymly dizaýny boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir