Apple-iň Vision Pro giňeldilen hakykat garniturasy lukmançylykda, senagatda we bilimde peýdaly ulanylyp bilner. 3DNews -yň habaryna görä, garnituranyň işlenip taýýarlanyşyna jogapkär Maýk Rokwell bilen Alan Daýyň enjamy haýsy bazarda ulanyp boljakdygyny düşündirýän resminamasy Bloomberg-iň ygtyýaryna düşdi. Rokwelliň sözlerine görä, saglygy goraýyş we bilim ulgamy Apple Vision Pro -ny netijeli ulanmak üçin esasy ugurlar bolup biler. Hususan-da, şeýle gural hirurglara operasiýa etmäge we şol bir wagtyň özünde näsagyň ýagdaýynyň esasy görkezijilerini görmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda operasiýa wagtynda hirurglar ünsüni sowup, ýanyndaky monitorlara häli-şindi seretmäge we wagtyny gidirmäge mejbur bolýarlar. Giňeldilen hakykat tehnologiýasy bu şekilleri bir gözýetime birleşdirmäge mümkinçilik bererdi. Garniturany ulanyp, enjamyň wirtual ekranynda işçiler üçin zerur görkezmeleri görkezip, çylşyrymly enjamlara hyzmat edilende abatlaýyş işlerini hem optimizirläp bolar. Bilim ulgamynda Vision Pro okuwçylara mazmuny has aňsat ýatda saklamaga kömek edýän täsirli, çuňňur mazmun döretmek üçin dürli mümkinçilikleri açýar. "Biz oýunjak däl-de, gural hasaplanýan önüm döretmegi maksat edindik" –diýip Rokwell nygtady.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir