Google-yň Bard çat-botunda şekil döretmek üçin täze aýratynlyk peýda bolar. Abraýly insaýderleriň biri emeli aňly çat-botuň täze mümkinçiliklerini habar berip, entek žurnalda çykarylmadyk üýtgeşmäni paýlaşdy diýip, Ferra habar berýär. Täze gural, diňe birnäçe sözüň ýazylmagy bilen, ulanyjylaryň hyýallaryny janlandyrmagy wada berýär. Bard beýany surata öwrer. Bu aýratynlyk ulanyjylara döredilen suratlary aňsatlyk bilen ýüklemäge ýa-da häkibir “Ýene döretmeli” düwmesine basmak bilen, döredijiligini dowam etdirmäge mümkinçilik berer. Çeşmeleriň berýän habaryna görä, Google-yň Imagen modeller maşgalasy Google Bard-da şekil döretmek üçin ulanylar. Öň syzdyrylan ekran suratlary we kod bölekleri Google-yň giňeldilen mümkinçilikleri we üýtgeşik aýratynlyklary hödürläp, meşhur dil modeliniň tölegli, abuna ýazylan görnüşini taýýarlaýandygyny görkezýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir