BMW Manufacturing nemes awtoulag öndürijisi Figure robot öndüriji başlangyç bilen adampisint robotlary döretmek barada şertnama baglaşdy. olar Günorta Karolinanyň Spartanburg şäherindäki Demirgazykamerikan zawodynda käbir önümçilik ýerlerinde adamlaryň ornuny eýelär diýip, IXBT.com habarlar gullugy habar berýär. Bu Figure 2022-nji ýylda döredileninden bäri gol çekilen ilkinji täjirçilik şertnamasydyr. Figure-niň baş direktory Brett Adkokyň sözlerine görä, başda önümçilikde az sanly robot ulanylyp başlanar. Eger zähmet öndürijiliginiň maksat edinilen görkezijilerine ýetilse, onda olaryň sany köpeldiler. Robotlar dürli sehlerde – kuzow bölümindäki, metal listlerini işläp bejerýän bölümdäki we ammarlardaky önümçilik proseslerine ornaşdyrylar. Maşynlar deslap neýrosetleriň okuwlary arkaly tälim alarlar: robotyň soňraky ýerine ýetirjek amallary AI-de birnäçe gezek görkeziler. Okuw prosesi tamamlanandan soň, maşynlar özbaşdak işlär. Adkok: "Roboty ýakynyndaky adamlar üçin howpsuz bolar derejede taýýarladyk" diýdi. Synag üstünlikli geçen ýagdaýynda, adampisint robotlar soň beýleki BMW zawodlarynda-da peýda bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir