Mersedes-Benz Germaniýadaky ähli awtosalonlaryny, şeýle hem kompaniýanyň Ştutgartdaky baş edarasyndaky şahamçasyny satuwa çykardy. Şol bir wagtyň özünde, awtoulag öndürijisi maliýe kynçylyklaryny başdan geçirmeýändigini mälim etdi diýip, Germaniýanyň Bild neşirine salgylanýan TASS habar berýär. Kompaniýa ýurtdaky 80-den gowrak göz öňüne tutulýan alyjylar bilen gepleşiklere başlamagy meýilleşdirýär. Mersedes-Benz-iň wekili bu kararyň şäherlerde we oba ýerlerinde ýerleşýän ähli awtosalonlara degişlidigini tassyklady. Satuwa çykarylan awtoulag salonlarynda, Mersedes-Benz -iň täze eýeleri bilen gol çekmegi meýilleşdirýän şertnamalaryna laýyklykda, işini dowam etdirjek 8 müň adam işleýär. Kompaniýa awtosalonlaryny maýa goýmak isleýän we ykdysady kynçylyk çekmeýän taraplara satmagy meýilleşdirýär, şol bir wagtyň özünde kompaniýa ähli awtosalonlaryny bir kompaniýa satmagy gadagan edýär.