ChatGPT, generatiw emeli aňa esaslanýan beýleki çat-botlar ýaly, bilim segmentine ep-esli derejede täsirini ýetirdi we bu täsiriň geljekde diňe artjakdygy eýýämden belli. Arizona döwlet uniwersiteti, munuň öňüni almagyň ýerine, AI-niň mümkinçiliklerini talyplaryň peýdasyna ulanmak kararyna geldi we OpenAI bilen hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy diýip, Ferra The Verge neşirine salgylanyp habar berýär. Bu OpenAI bilen haýsydyr bir okuw jaýynyň arasyndaky ilkinji hyzmatdaşlykdyr. Ylalaşygyň çäginde uniwersitet fewral aýyndan başlap ChatGPT Enterprise-e doly elýeterlilik alar. Uniwersitet ony okuw işinden we dürli gözlegleri geçirmekden başlap, kurs işlerini ýazmaklyga çenli dürli bilim beriş proseslerinde ulanmagy meýilleşdirýär. Uniwersitet talyplar üçin şahsy wirtual terbiýeçi döretmek isleýär. Bu, ilkinji nobatda, tehniki hünärlere (STEM) degişlidir. Emma başga ugurlar boýunça-da meýilnamalar bar. Mysal üçin, käbir dersleri öwrenmek üçin talyplaryň AI-awatarlary dörediler.