Ýanýan çyralar bilen enjamlaşdyrylan 15 sany öz-özüni dolandyrýan patrul awtoulagy Pekiniň Ýyçžuan şäherinde awtonom sürüşleriň görkezme meýdançasyndaky jemgyýetçilik ýollaryna çykdy. Ulaglar gije-gündiziň dowamynda polisiýanyň wezipelerini ýerine ýetirýär diýip, CGTN-e salgylanýan Ferra habar berýär. Polisiýanyň pilotsyz ulaglary patrullyk etmek, iri çärelerde howpsuzlygy üpjün etmek, köpçülige bildirişleri, duýduryşlary ýetirmek we adatdan daşary ýagdaýlarda duýdurmak hem-de halas ediş işlerini geçirmek ýaly dürli meselelerde synagdan geçirilýär. Pilotsyz patrul ulaglary 4-nji derejeli awtonom sürüş tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan, batareýany 30 sekuntda üýtgedip we 100 km aralygy geçip biler. Şeýle hem, ulaglar kesgitleýiş aralygy 120 metre çenli 360 graduslyk köp sensorly duýgurlyk ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr. Bortdaky güýçli hasaplaýyş platformasy howpsuz sürmegi üpjün edip, hakyky wagtda ýol şertlerini göz öňünde tutmak bilen şoňa görä hereket edip biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir