Türkmenistanyň çempiony, ýurduň Kubogynyň eýesi "Arkadag" futbol kluby ýanwar aýynyň ahyrynda Türkiýede okuw-türgenleşiklerine ugramagy meýilleşdirýär. Türkiýede klub täze möwsüme taýýarlygyň barşynda daşary ýurtly klublar bilen birnäçe ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer diýip, Jankoyer internet-neşiri Sportarena.com portalyna salgylanyp habar berýär. Maglumatlara görä, geçen möwsümde Türkmenistanyň çempionatynyň çempiony 10-njy fewralda Ukrainanyň ýokary ligasynda çykyş edýän "Dnepr-1" kluby bilen duşuşyp biler. "Dnepr-1" Ukrainanyň çempionatynyň güýzki bölegini ikinji ýerde tamamlady. Ol diňe goşmaça görkezijiler babatda birinji ýerde barýan "Kriwbassdan" yza galdy. "Dnepr-1" ýaryş jedwelinde "Şahtýor" we Dinamo "Kiýew" klublaryndan hem ýokarda ýerleşýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir