23-nji ýanwarda, sişenbe üçin magnit hadysasy durnuksyz bolar diýip çaklanylýar. Ýeriň magnit meýdanynyň bozulmagyna garaşylýandygy barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözleg institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynda we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Gün-ýerüsti fizika institutynda habar berildi diýip, TASS habar berýär. Magnit tupanynyň iň ýokary derejesi Aşgabat wagty bilen 08:00-da we 14:00-da bolar. Hadysa G1 (gowşak tupan) derejä eýe. Çeşmäniň bellemegine görä, ondan soňky 27 günüň dowamynda magnit tupany bolar diýip çak edilmeýär. Amaly geofizika institutynyň Geliogeofiziki gullugynda iň ýokary klasly alawyň 1-nji ýanwarda Günüň üstünde bolandygyny habar berdi. Alymlar ýyldyzyň üstünde 32 minutlap dowam eden X5.0 / 3B klasly alawy ýazga aldylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir