Velozzi kompaniýasy möý ýüpeginden peýdalanmak bilen dünýädäki ilkinji superkary döretmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu barada championat.com habar berýär. Taslama Velozzi Hypercar adyny aldy, awtorlaryň aýtmagyna görä, bu awtomobil “geljegi üýtgeder”. Möý ýüpegi kuzowy we monokoky döretmekde uglerod süýümi bilen deň derejede ulanylar diýlip garaşylýar. Velozzi möý ýüpeginiň berkligi boýunça polatdan, uglerod süýüminden, titandan we kewlardan hem öňde durýandygyny belleýär. Bu işde Velozzi kompaniýasyna Spidey Tek kömek eder. “Möý ýüpeginiň berkliginiň we çeýeliginiň utgaşmasy ony dürli pudaklarda ulanmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, biz onuň häsiýetini üýtgedip bilýäris, bu hem möý ýüpegini indiki nesliň materialyna öwürýär” – diýip, Velozzi-niň resmi saýty Spidey Tek kompaniýasynyň ylmy müdiri, doktor Rendi Lýuisiň sözlerini getirýär. Velozzi Hypercar-yň V12 hereketlendirijisine we alty basgançakly transmissiýa eýe boljakdygy çaklanylýar. New Atlas-yň maglumatlaryna görä, awtomobil 2,7 sekuntda tizligini sagatda 100 km çenli artdyrar, onuň iň ýokary tizligi sagatda 370 km bolar. Velozzi şeýle awtomobilleriň 100 sanysyny döretmegi meýilleşdirýär.