Ford Motor kompaniýasy islegiň azalmagy bilen baglanyşykly F-150 Lightning elektrikli pikaplaryň önümçiligini azaltmak kararyna gelendigini mälim etdi diýip, kompaniýanyň metbugat beýanatyna salgylanýan Gazeta.Ru ýazýar. Awtoulag öndürijisi: "Ford önümçiligiň, satuwyň ösmeginiň we girdejililigiň iň amatly deňagramlylygy gazanmak üçin ABŞ-da iň geçginli F-150 Lightning-iň önümçiligini azaldýar" – diýip habar berdi. Kompaniýa, takmynan, 900 sany täze iş ýerini döretmegi we Bronco we Bronco Raptor ulaglarynyň, şeýle hem täze Ranger we Ranger Raptor kysymly pikaplaryň önümçiligini artdyrmak üçin kompaniýanyň Miçigandaky gurnama zawodyna üçünji brigadany goşmagy meýilleşdirýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir