Tutuş Beýik Britaniýa boýunça awtobus gatnawlaryny dolandyrýan First Bus iňlis operatory jemgyýetçilik ulaglarynyň gijigip gelmegi bilen bagly meseläni çözmek üçin gatnawlaryň rejesini düzmekde we ony awtomatiki usulda täzelemekde emeli aň esasly programma üpjünçiligini ornaşdyrdy diýip, Inc. habar berýär. “Awtobuslaryň gatnaw rejesini düzmek gaty kyn, sebäbi tutuş Beýik Britaniýa boýunça 4000 awtobusymyz bar we olar günde 16 sagat işleýär. Olary wagtly-wagtynda getiräýmek aňsat däl "- diýip, First Bus-yň täjirçilik müdiri Saýmon Pirson belleýär. Pirsonyň sözlerine görä, AI ulanylmazdan öň awtobuslaryň gatnaw rejesi elde düzülýärdi we bu köp wagt alýardy. Aslynda, bu şeýle bir çylşyrymly iş bolansoň, First Bus, adatça, gatnawlaryň rejesini ýylda diňe üç gezek çalşyp bilýärdi. AI-iň hasaplaýyş güýji we öwreniş ukyby kompaniýa rejelerini ýygy-ýygydan üýtgetmäge mümkinçilik berdi. AI, hatda, ýol dykynlary bolan ýagdaýynda rejä awtomatiki düzedişleri hem girizip biler. Pirsonyň sözlerine görä, täze çeýe meýilnama awtobus sürüjileriniň dartgynlylygyny peseldýär we, köplenç, hyzmatlara subsidiýa berýän ýerli hökümetler, awtobuslaryň sanyny optimizirlemek arkaly, pul tygşytlap biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir