Fransuz kinoakademiýasy “Sezar – 2024” baýragynyň hormatly laureatlaryny aýtdy. Olar režissýor Kristofer Nolan (“Oppengeýmer”), şeýle-de aktrisa we režissýor Anýes Žaui (“Maňa seret”) bolar. “Kristofer Nolan – kinematografiýa kämilliginiň serhetlerini täzeden aňlamaga, bizi giňişlik we wagt çäginden çykarmaga ukyply ussat režissýor. Ol ýatdan çykmajak täsiri galdyrmak üçin kinematografyň çäginden çykýar” – diýip, Akademiýanyň ýolbaşçylygynyň metbugat relizinde bellenilýär. Ýakynda Nolan “Oppengeýmer” filminiň üstündäki işi üçin “Altyn globus” we “Tankytçylaryň saýlawy” baýraklaryna eýe boldy. Şeýle-de, onuň hasabynda “Gara rysar”, “Başlangyç”, “Interstellar” we ş.m. ýaly filmler bar. 49-njy “Sezar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 23-nji fewralda Parižde geçiriler. Dalaşgärler 24-nji ýanwarda yglan ediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir