1-nji martda Gazagystanda bitewi sagat guşaklygy giriziler. Bu barada ýurduň Söwda we integrasiýa ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär. “Üýtgeşmelere laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji martynda sagat 00:00-dan başlap, ýurduň çäginde bitewi sagat guşaklygy girizilýär. Şeýlelikde, Gazagystan Respublikasynyň çäginde bäşinji sagat guşaklygy (UTC+5) ulanylar" diýip, habarda aýdylýar. Häzirki wagtda Gazagystanda iki sagat guşaklygy - UTC+5 we UTC+6 ulanylýar. Ýurduň Günbatar sebitlerinden beýleki aglaba bölegi UTC+6 zolagynda ýerleşýär. Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň 29-njy fewralyndan 2024-nji ýylyň 1-nji martyna geçilýän gije sagat 00:00-da Astana, Almaty, Şymkent şäherlerinde, Akmolla, Almaty, Žambyl, Karaganda, Kostonaý, Pawlodar, Demirgazyk-Gazagystan, Türkistan, Gündogar-Gazagystan, Abaý, Žetysu we Ulytau oblastlarynda sagat dilleri bir sagat yza süýşüriler. Gazagystanda wagty üýtgetmek meselesini öwrenmek boýunça barlag işleri 2020-nji ýyldan bäri alnyp barylýar. 2023-nji ýylda alymlaryň we bilermenleriň gatnaşmagynda ýörite iş topary döredildi. Toparyň agzalarynyň pikirine görä, bitewi sagat guşaklygynda ýurduň sebitleriniň aglabasynda tebiga has ýakyn wagt ulanylar. Mundan başga-da, bitewi sagat guşaklygy ulaglaryň gatnaw tertibini utgaşdyrmagy gowulandyrmaga ýardam berer hem-de döwlet edaralarynyň we ýörite gulluklaryň özara hereketlerine oňyn täsirini ýetirer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir