ABŞ-nyň Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli dolandyryş gullugy (NASA) Aýda Lunar Retroreflector Array (LRA) maýak-retroreflektor yşyklandyryjysynyň ilkinji üstünlikli synagynyň geçirilendigini habar berdi. Geljekde kosmos gämilerinde nawigasiýa üçin şeýle enjamlaryň toruny ulanmagyň meýilleşdirilýändigini NASA-nyň resmi web sahypasyna salgylanýan Gazeta.Ru habar berýär. Synaga NASA-nyň Aýyň günorta polýusynyň çäginde Mansini krateriniň golaýynda ýerleşýän LRO Aý zondy we Hindistanyň “Wikram” gonuş moduly gatnaşdy. Wikram, şeýle hem, sekiz şöhlelendiriji elementli kiçijik ýarym şar bolan retro-reflektor bilen enjamlaşdyrylandyr. LRO “Wikrama” öz beýiklik ölçeýjisiniň lazer şöhlesini iberdi we şöhlelenýän optiki signaly aldy. Usul işledi. Ondan öň NASA kosmos gämisi gondurylanda takyk nawigasiýa üçin Aýy lazer maýaklary bilen örtmek pikiriniň bardygy barada gürrüň beripdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir