Ingenuity pilotsyz kosmos dikuçary Marsa soňky gezekki uçuşynda Ýer bilen aragatnaşygyny ýitirdi. Bu barada ABŞ-nyň Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli dolandyryşyna (NASA) salgylanýan RBC habar berýär. Aragatnaşyk Ingenuity-niň 72-nji uçuşynda ýitirildi. NASA-nyň hünärmenleri Preservance mars rowerini Ingenuity-niň gonmagy çaklanylýan ýere ibermekçi bolýarlar, sebäbi maşynlar häzir biri-birinden uzakda ýerleşýär. Mars roweriniň kameralarynyň kömegi bilen dikuçary gözden geçirmek onuň ýagdaýyna baha bermäge mümkinçilik berer. Bu NASA-nyň enjam bilen aragatnaşygyny ilkinji gezek ýitirişi däl: 2023-nji ýylyň maý aýynda hünärmenler alty günläp Perseverance roweriniň ýaýradýan signallaryny alyp bilmediler. Marsda bolan döwründe Ingeniuty jemi 17,7 kilometr uçup, gyzyl planetanyň asmanynda 128 minut geçirdi. Enjam howa gözlegini amala aşyrýar we Preservance rowerine iň amatly ugurlary salgy berýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir