Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda elektrik ulaglaryna goşmaça resminama - “akkumulýatoryň pasporty” berler. Ol 2027-nji ýylyň fewral aýynda giriziler diýip, Autocar-a salgylanýan auto.ru ýazýar. Taslamanyň ähli jikme-jiklikleri bilen Germaniýanyň Federal Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegine garşy göreş ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän, ýörite döredilen Battery Pass konsorsiumy meşgullanar. Audi we BMW ýaly öňdebaryjy awtoulag öndürijileri hyzmatdaş we gatnaşyjy hökmünde çykyş edýärler. Akkumulýatoryň pasportynda ulanylýan materiallar, üpjünçilik çeşmeleri, öndürijiligi we hyzmat ediş möhleti baradaky maglumatlar bolar. Resminama akkumulýatory utilizasiýa etmek baradaky maglumatlar hem goşulsa gerek. Takyk sanaw entek ara alnyp maslahatlaşylýar. Häzirki wagtda gün tertibinde ýedi kategoriýada 90 dürli maglumat bar. Her pasport batareýa öndürijisine, takmynan, 7 - 12,8 ýewro düşer.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir