HBO Max “Garri Potter” baradaky kitaplara esaslanýan serialyň üstünde işläp başlady. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Deadline habar berýär. Insaýderleriň aýtmagyna görä, şu hepdede Los-Anjelesde Joan Roulingiň kitaplaryny ekranlaşdyrmak boýunça öz pikirlerini hödürleýän ssenariýaçylar bilen ilkinji duşuşyklar geçirildi. Dalaşgärleriň arasynda Marta Hiller, Ketlin Jordan, Tom Moran we Maýkl Lessli bar. Ideýalary tapawutlanan ssenariýaçylar duşuşyklaryň Beýik Britaniýada geçiriljek indiki tapgyryna iberiler. Ssenariýany döretmäge birnäçe adam hem gatnaşyp biler. Häzirlikçe Şotlandiýada ýaşaýan Roulingiň bu prosesde nähili roly ýerine ýetirýändigi belli däl. Ýöne onuň serial bilen bagly çözgütlere gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle-de, ýazyjynyň serialyň ýerine ýetiriji prodýuserleriniň arasynda boljakdygy belli.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir