2023-nji ýylyň jemi boýunça Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 1,0 mlrd dollardan geçdi. Bir ýyl ozal ol 926,3 mln dollara barabar bolupdy, görkeziji tas 74 mln dollar artdy. Şeýle netijeler Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň maglumatlaryndan gelip çykýar. Haryt dolanyşygy 2017-nji ýylyň özara söwda görkezijilerinden bäş esse ýokarydyr. Şol bir wagtyň özünde, bu mukdaryň köp bölegini Türkmenistandan import düzýär – 923,2 mln dollar. Özbegistan biziň ýurdumyza 171,2 mln dollarlyk haryt iberdi. Şeýlelik bilen, Türkmenistan ýurduň söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda altynjy orny eýeleýär. Mundan başga-da, Türkmenistan işewür syýahatçylaryň gelim-gidim reýtinginde birinji orny eýeleýär – geçen ýyl Özbegistana täjirçilik maksatlary bilen 40 müňden gowrak türkmen raýaty bardy. Ýatlap geçsek, iki goňşy ýurduň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň we Özbegistanyň Horezm welaýatynyň galtaşýan çägini gurşap aljak serhetýaka söwda zolagyny döretmek barada ylalaşypdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir