Ýakynda Türkmenistanyň sanly tehnologiýalar bazarynda täze kompaniýa – “Sanly ulgam hyzmatlary” hojalyk jemgyýeti peýda boldy. Bu kompaniýa ýokary hilli önümleri döretmekde professionallygy bilen tapawutlanýar. “Sanly ulgam hyzmatlary” birnäçe esasy ugurlar boýunça iş alyp barýar. Birinjiden, kompaniýa ulanyjylaryň häzirki zaman isleglerini kanagatlandyryp bilýän özboluşly web-saýtlary we ykjam goşundylary işläp taýýarlaýar. Ikinjiden, kompaniýa döredilýän programmalaryň diňe bir netijeli bolmak bilen çäklenmän, eýsem, estetiki taýdan ýakymly bolmagy üçin ýokary hilli UX/UI dizaýn hyzmatyny hödürleýär. Kompaniýanyň işiniň ýene-de bir esasy ugry – web we ykjam goşundylaryň tehniki goldawy. “Sanly ulgam hyzmatlary” müşderiniň web we ykjam goşundysynyň durnukly işlemegini we ulgamlaýyn täzelenip durmagyny kepillendirýär. Mundan başga-da, kompaniýa 3600 panorama surata düşürmek işlerini hem ýerine ýetirýär. Bu hili görnüşde düşürilen suratlar, mysal üçin, satjak bolýan jaýyny müşderä has ýokary hilli görnüşde görkezmäge mümkinçilik berýär. Kompaniýanyň taýýarlan önümleriniň hatarynda ulag serişdesine gözegçilik etmek boýunça sertifikatlaşdyrylan GPS monitoring ulgamy bar. Her bir awtoulag üçin aýda 50 manat töläp, müşderi öz ulag serişdesine öýde, işde ýa-da dynç alyşda oturan ýerinden gözegçilik edip biler. Kompaniýa we onuň hödürleýän hyzmatlary barada has giňişleýin maglumaty www.suh.com.tm saýtyndan ýa-da şu telefon belgileri arkaly alyp bilersiňiz: (+993 63) 07-67-16.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir