Apple iPad Air we iPad Pro planşet kompýuterleriniň täze wersiýalaryny, şeýle hem MacBook Air noutbugyny şu ýylyň mart ýa-da aprel aýlarynda çykarmagy meýilleşdirýär. Ondan soň kompaniýa iýun aýynda her ýyl geçirilýän işläp düzüjileriň WWDC konferensiýasynda hödürlemegi meýilleşdirýän tehnologiýalaryna ünsüni jemlär. Bu barada Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berdi diýip, MacRumors-a salgylanýan 3DNews ýazýar. Çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, iPad Air-niň indiki wersiýasy 10,9 we 12,9 dýuým ekranly wersiýalarda bolar. Enjamyň apparat binýady, modelleriň öňki nesilleri bilen deňeşdirilende, planşetiň öndürijiligini ýokarlandyrjak Apple M2 çipi bolar. Bulardan başga-da, işläp düzüjiler iPad Air-ni täze kamera bilen enjamlaşdyrarlar hem-de Wi-Fi 6E we Bluetooth 5.3 goldawyny hem ornaşdyrarlar. Enjamyň dizaýnynda düýpli üýtgeşmelere garaşylmaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir