Formula-1 2026-njy ýylyň möwsüminden Ispaniýanyň Gran-prisiniň Madridde geçiriljekdigini yglan etdi. “Patyşalyk” ýaryşlarynyň metbugat relizinden gelip çykyşy ýaly, şertnama 10 ýyl möhlet bilen baglaşyldy, ol 2035-nji ýyla çenli hereket eder. Habar berlişi ýaly, Ispaniýanyň paýtagtyndaky ýaryş ýolunyň uzynlygy 5,47 km bolmaly. FIA-nyň omologasiýasy we taslamanyň gutarnykly tassyklanmagy bilen, ol 20 aýlawy öz içine alar, kwalifikasiýa aýlawynyň çaklanylýan wagty 1 minut 32 sekunt bolar. Deslapky maglumatlara görä, çäre güni 110 müň janköýer gatnaşyp biler. Şeýle-de, guramaçylar bu sany 140 müňe ýetirmegi meýilleşdirýärler. Häzirki wagtda Ispaniýanyň Gran-prisi Barselonada geçirilýär. Geçen ýyl onuň ýeňijisi “Red Bulldan” Maks Werstappen boldy.