UFC-niň ýeňilmedik söweşijisi Hamzat Çimaýew Dana Uaýtyň promouşeninde titul söweşi barada ýene-de söz açdy. Hamzat titul söweşini gazanmak baradaky talaplaryndan diňe ep-esli gonorar alan ýagdaýynda ýüz öwürmäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada championat.com belleýär. “Eger olar maňa uly mukdarda pul berseler, maňa guşagyň geregi ýok. Men UFC 300-e taýýar, maňa habar etseňiz boldy” – diýip, Essentially Sports Çimaýewiň sözlerini getirýär. Habar berlişi ýaly, Çimaýew UFC-ä talap bildirdi: ýa-ha titul söweşi, ýa-da iki esse gonorar. Häzirki wagtda Çimaýewiň dalaş edýän orta agramda UFC titulyna Drikus dýu Plessi eýeçilik edýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir