«Barbigeýmer» hormatyna (Kristofer Nolanyň atom bombasyny dörediji baradaky «Oppengeýmer» atly taryhy dramasy we Greta Gerwigiň «Barbi» başdan geçirme komediýasy) iri ýyldyz «Barbenheimer Star» diýlip atlandyryldy. Bu barada «Live Science» neşiri «Sloan sanly asman gözegçiligi» taslamasyna gatnaşyjy astronomlaryň beýanyna salgylanyp habar berýär. Asman jisimi baradaky anyk maglumatlar «arXiv» serwerinde çap edildi. «Barbenheimer Star» Irki älem döwründe – 13 milliard ýyl ozal hem bardy, ol Uly partlamadan 700 million ýyl soň peýda boldy. Meşhur filmleriň adyny göterýän ýyldyzyň agramy Günüňkiden 50−80 esse uly bolupdyr. Ol supernowa partlamasy esasynda söndi we ömrüniň dowamynda döreden elementlerini ýaýratdy. Bu elementler gaz bulutlaryny emele getirdi we olardan täze ýyldyzlar döredi. Olaryň arasynda pes massaly gyzyl äpet J0931+0038 hem bar. Ol öwrenilende «Barbenheimer Star» ýyldyzyna degişli subutnamalar tapyldy. J0931+0038 ýyldyzynyň düzümi alymlary haýran galdyrdy – olar beýle zady ozal görmändiler. Bu ýyldyzda agyr elementler ýeňil elementlerden has köp. Adatça, bu tersine bolýar. Bu gatnaşyk, «Barbenheimer Star-yň» öz düzümi bilen baglanyşykly bolup biler. Gadymy ýyldyzyň başga bir syry onuň ölümi bilen baglanyşykly. Alymlar beýle uly ýyldyz ölenden soň näme üçin bir supernowanyň emele gelendigine düşünmeýärler. Olaryň pikiriçe, «Barbenheimer Star» bu tapgyrdan geçip, derrew gara girdaba öwrülmelidi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir