Apple kompaniýasy iOS 17 ykjam operasiýa ulgamy üçin üçünji uly täzelenme bolan iOS 17.3 täzelenmesini çykardy. Programma üpjünçiligi, kompaniýa Journal (Žurnal) programmasy bilen öňki täzelenmesini çykarandan bir aýdan gowrak wagtdan soň peýda boldy diýip, MacRumors-a salgylanýan IXBT.com belleýär. iOS 17.3 birbada birnäçe täze aýratynlyklary hödürleýär. Esasylarynyň arasynda - ogurlyk bolan ýagdaýynda goşmaça gorag bar. Bu aýratynlyga Stolen Device Protection (Ogurlanan enjamlary goramak) diýilýär - indi smartfonyňyzda käbir hereketleri ýerine ýetirmek üçin Face ID ýa-da Touch ID ulanmaly bolarsyňyz, parol koduny alternatiwa hökmünde girizip bilmersiňiz. Şeýle hem “Maglumatlary goramak üçin ulgam gijikdirilmesi” bar - ulanyjy smartfonda ýa-da Apple ID parolynda parol koduny üýtgetjek bolanda bir sagatdan soň gaýtadan biometrik tassyklamadan geçmeli bolar. Beýleki täze aýratynlyklar Apple Music-de bilelikdäki pleýlistleri döretmek ukybyny öz içine alýar. Şeýle hem, Apple afroamerikan taryhynyň aýy mynasybetli täze “Agzybirlik” diwar kagyzyny goşdy. IOS 17 ykjam operasiýa ulgamynyň özi iPhone üçin 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda elýeterli boldy.