2 ― 4-nji fewralda Fransiýanyň Pariž şäherinde dzýudo boýunça «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Ýaryşa Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysynyň agzalary hem gatnaşar. Ýaryş erkekleriň we zenanlaryň arasynda her haýsyndan 7 agram derejesinde 680 türgeniň gatnaşmagynda geçiriler. Halkara Dzýudo federasiýasynyň resmi saýtynyň (IJF) habar berşi ýaly, Türkmenistan ýaryşa 8 türgen bilen gatnaşar. Has takygy, ýurduň erkekler ýygyndysyna Aýbek Omirow (60 kilograma çenli agram derejesinde), Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (ikisi hem 66 kilograma çenli agram derejesi), Mämmedaly Açyldyýew (90 kilograma çenli) we Baýmyrat Majanow (100 kilograma çenli) dagy wekilçilik eder. Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynda bolsa Gurbanaý Gurbanowa (48 kilograma çenli), Maýsa Pardaýewa (57 kilograma çenli) we Zülhumar Daşgynowa (63 kilograma çenli) dagy ýaryşar. Pariž ýaryşynyň baýrak gaznasy 154 müň ýewrodyr. Bu paýdan altyn medalyň eýeleri 5 müň, kümüş medalçylar 3 müň, bürünç medal gazanan türgenler bolsa 1,5 müň ýewro gazanar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir