Türkmenistanyň energetika ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin onlaýn hasaba alnyş başlandy. Bu barada guramaçylar resmi saýtynda habar berdiler. Öň habar berşimiz ýaly, forum 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriler. Foruma janly görnüşde gatnaşmak üçin hasaba almaklyk 10-njy aprele çenli; onlaýn gatnaşmak üçin hasaba almaklyk 19-njy aprele çenli dowam eder. Forum Hyatt Regency Paris Étoile otelinde geçiriler. Foruma gatnaşmak üçin şu salgydan hasaba alnyp bolar. Bu halkara forumyň maksady Türkmenistanyň energiýa pudagynyň ähli ulgamlaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we energiýa pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi boýunça sebit dialogyny berkitmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybarat bolup durýar. Forumyň dowamynda nebiti we gazy öndürmek, daşamak we gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmenistanyň energetika ulgamyna halkara maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma diňe bir Türkmenistanda bolman, eýsem tutuş sebitde nebit we gaz pudagynyň geljegini kesgitleýän öňdebaryjy milli we halkara energiýa kompaniýalary, şeýle hem bilermenler gatnaşarlar. Halkara Forumyň maksatnamasy Türkmenistanyň energiýa pudagyna maýa goýumlaryny çekmekden başga-da, energiýanyň geljegi ýaly mowzuklara ýagny, täze döwrüň energiýasy, içerki we sebitleýin ösüşiň geljegi, uglewodorod ýataklaryny özleşdirilmegiň daşky gurşaw taraplary, energetika ugruna geçmekligi gözleg we ösüş arkaly tizleşdirmek ýaly mowzuklara bagyşlanar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir