Reddit-iň birnäçe ulanyjysy YouTube-da mahabat bloklaýjylary açyk ulanyjylar üçin ähli sahypanyň haýalladylyp başlanandygyny habar berdi, ýöne Google bu maglumatlaryň dogry däldigini aýtdy. IXBT.com-yň habar bermegine görä, görlüp oturylsa , diňe AdBlock-yň we AdBlock Plus-yň ulanyjylary kynçylyk çekýän eken. Google ulanyjylaryň YouTube platformasynyň haýallamagy baradaky habarlarynyň kompaniýanyň mahabat bloklaýjylaryny ýüze çykarmak boýunça tagallalary bilen baglanyşykly däldigini aýtdy. Ulanylýan mahabat bloklaýjy öçürilen dessine sahypanyň derrew janlanýandygy bellendi. Bu meseläniň başga bir çözgüdi wideo hyzmatynyň premium wersiýasyna geçmekdir. YouTube-da barha artýan mahabatyň ýygylygyna garşy göreşmek üçin adamlar köpden bäri mahabat bloklaýjylaryny ulanýarlar. Wideo platformasynyň öz pikirine görä, mahabatdan aýlanyp geçmegiň bu usuly hyzmat şertleriniň bozulmagy hasaplanýar. Ýakynda YouTube mahabat bloklaýjylaryny ulanmagy birnäçe usul bilen gadagan edip başlady. Birinjisi, "Mahabat bloklaýjylary YouTube-nyň Hyzmat şertlerini bozýar" diýip açylýan habar. Soňra habarda mahabat bloklaýjyny öçürmek soralýar. Ulanyja şonsuz görmegi dowam etmäge rugsat berilmeýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir