Google kompaniýasy Günorta Amerika bilen Aziýa-Ýuwaş umman sebitini gönüden-göni birleşdirjek täze umman internet kabelini gurmak meýilnamasyny yglan etdi diýip, IXBT.com habar berýär. Bu ugur geograf Aleksandr fon Gumboldtyň hormatyna Humboldt diýip atlandyryldy. Çilini, Fransuz Polineziýasyny we Awstraliýany Ýuwaş ummanyň üsti bilen göni baglanyşdyrjak optiki süýümli aragatnaşyk Çili hökümetiniň öňden bäri maksady bolup gelýärdi. Häzir bu taslama Google goşulandan soň, onuň durmuşa geçirilmegi hakykata has ýakyn boldy. Taslama gatnaşyjylara 400 million dollara düşer. Oňa, Google-dan başga-da, Çiliniň Desarrollo País infrastruktura gaznasy, Office of Posts and Telecommunications of French Polynesia we beýlekiler gatnaşýarlar. Kabeliň uzynlygy takmynan 15 000 km bolar we ony çekmek işi 2026-njy ýyla çenli tamamlanar. Analysys Mason-yň berýän çaklamasyna görä, Google-yň Latyn Amerikasyndaky we Karib deňzindäki öňki suwasty kabelleriniň 2017-nji we 2027-nji ýyllar aralygynda jemi içerki önümiň 178 milliard dollar artmagyna getirer we 2027-nji ýyla çenli, takmynan, 740 000 sany täze iş ýeri dörediler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir