Apple 19-njy ýanwarda deslapky sargytlaryň açylmagynyň öňüsyrasynda öz Vision Pro giňeldilen hakykat garniturasynyň “bir topar öwrülişik güýmenje aýratynlyklaryny” açdy. Bu barada 3DNews habar berýär. Vision Pro arkaly ulanyjylar akym hyzmatlarynda seriallara we filmlere tomaşa edip bilerler, Environments-iň kömegi bilen landşaftlarda ondan-oňa geçerler we “düýbünden täze, öň bolup görmedik giňişliklerinden lezzet alarlar”. Apple garnituranyň garyşyk režimde iki sagat awtonom işläp biljekdigini, wideo görlende 2,5 sagada çenli we daşarky akkumulýator USB-C kabeli bilen birikdirilende uzakly gün işlejekdigini aýtdy. Işläp düzüjiler täze garnituranyň sesine-de üns berdiler. "Baý ses berýän Spatial Audio (giňişlik sesi) ses ulgamynyň kömegi bilen Vision Pro görnüşine mynasyp gowy ýaňlanýar" – diýip habarda aýdylýar. Apple TV programmasy arkaly Vision Pro-nyň ulanyjylary Apple-iň Apple TV + bukjasyndaky ähli asyl filmlerine tomaşa edip bilerler, şeýle hem futbola we beýleki meşhur ýaýlymlara girip bilerler. Apple Vision Pro-nyň ulanyjylary üçin ondan hem täsirli güýmenje 3D filmlerine tomaşa etmäge bolan mümkinçilikdir. Garnitura satuwa çykarylanda Apple dünýäniň öňdebaryjy studiýalaryndan 150-den gowrak 3D filmi hödürlär, şol sanda ýaňy-ýakynda çykan “Awatar: Suwuň ýoly”, “Dýuna”, “Möý-adam: älem içre” we “Doganlar Super Mario kinoda” filmleri hem bolar. Şeýle hem, Vision Pro-nyň ulanyjylary Apple kompaniýasy tarapyndan döredilen täze güýmenje formaty bolan Apple Immersive Video -dan lezzet alyp bilerler. Garnitura äpet 3D süýrenijiler bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän Encounter Dinozaurs programmasy bilen geler. VisionOS App Store-da satyn almak üçin has köp programma elýeterli bolar we oýunlar bolsa Apple Arcade-da bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir