Ýaponiýanyň SLIM awtomatiki Aýa gonuş apparaty Aýyň orbitasynyň pes halkasyna üstünlikli girdi. IXBT.com habarlar gullugynyň habaryna görä, ol uçurylandan 110 gün soň, 19-njy ýanwarda Aýa gonmaga synanyşar. 25-nji dekabrda SLIM Aýyň orbitasyna ýetdi we 14-nji ýanwarda bolsa pessaýlamak manýowryny geçirdi. Bu amal wagtynda kosmos gämisiniň nawigasiýa kamerasy Aýyň üstüni yzygideli surata aldy. Ýaponiýanyň JAXA Aerokosmiki gözleg gullugy: "Aşaklamak we gonmak üçin ähli taýýarlyk işleriniň tamamlanandygyny tassyklaýarys" – diýip belledi. Gonmaga synanyşygyň görkezilişi göni ýaýlymda , takmynan, gonuşdan bir sagat öň başlar. Apparat Şioli krateriniň eňňidindäki bellenen nokatdan 100 metrden uzak bolmadyk ýere gonar. SLIM-iň üstünlikli gonmagy Ýaponiýany Aýa ýumşak gonmagy gazanan bäşinji ýurt eder. 2023-nji ýylyň awgust aýynda Hindistan Chandrayaan-3 missiýasy bilen dördünji ýurt bolupdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir