Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Balkan welaýatynda ýylylyk we ses geçirmeýän plitalary, düşekçeleri hem-de üznüksiz süýümleri öndürýän kärhanany gurmagyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak boýunça açyk halkara bäsleşigini yglan etdi. Bu barada degişli bildiriş "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetinde çap edildi. Bu boýunça degişli önümçilik toplumyny Jebel şäherçesinde gurmak bellenýär. Bu ýerde şeýle hem başga-da birnäçe senagat kärhanalaryny, şol sanda iri sement zawodyny gurmak göz öňünde tutulýar. Senagat kärhanasyny gurmagyň tehniki-ykdysady esaslaryny taýýarlamak boýunça teklipler 30 günüň dowamynda Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 132-nji jaýyndaky salga ugradylmalydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir