Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň halkara energetika taslamalary bölüminiň başlygy Myrat Artykow Owganystanyň “DABS” energetika korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen Nur-al-Jihad kiçi elektrik bekediniň kuwwatyny artdyrmak meýilnamasyny durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi. Bellenişi ýaly, türkmen elektrik energiýasynyň goňşy ýurduň demrgazyk-günbatar sebitine iberilmegi netijesinde sebitiň elektrik üpjünçilik meseleleri çözüldi. Bu bolsa öz gezeginde, senagat we oba hojalyk önümçiliginiň ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirdi. Kompaniýanyň wekilleri kiçi elektrik stansiýasy bilen bagly teklipleriň üstünde işlemek mümkinçilikleri boýunça ýüz tutdy. Bellenişi ýaly, degişli kiçi elektrik bekediniň önümçilik kuwwatyny 110-dan 220 kilowolta çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir