Aktýorlar Anjelina Joli bilen Bred Pittiň Täze Orleanyň taryhy Fransuz kwartalyndaky jaýy auksionda 2,8 mln dollara satyldy. Bu barada gozgalmaýan emläk baradaky Mansion Global neşiri habar berýär. Jaýy satmak barada ylalaşyk 2023-nji ýylyň dekabr aýynda gazanyldy diýip, forbes.kz belleýär. 1830-njy ýyllarda gurlan bu jaý birwagtlar Microsoft-yň egindeş esaslandyryjysy Pol Allene-de degişli bolupdy. Onuň umumy meýdany 715 inedördül metr. Anjelina Joli bilen Bred Pitt bu öýe 2006-njy ýyldan 2016-njy ýyl aralygynda eýeçilik etdi. Jaýyň auksiona çykaryljakdygy barada geçen ýylyň noýabr aýynda belli boldy. “Satuw kampaniýasynyň netijesinde potensial alyjylardan 1000-e golaý teklip kabul edildi we 12 sany auksiona gatnaşyjy hasaba alyndy” – diýip, söwdany geçiren Interluxe Auctions auksion öýüniň prezidenti we baş müdiri Skott Kirk belledi. Jaýyň satuw mukdary 2023-nji ýylda Fransuz kwartaly üçin rekord boldy. Joli bilen Pittiň bu jaýy klassyky stilde ýerine ýetirilen bolup, onda bäş wanna otagy, ýedi ýatylýan otag, şeýle-de sport zaly, lift, ussahana we ammar bar. Onuň çäginde basseýnli we suw çüwdürimli howly hem-de iki gatly myhman jaýy ýerleşýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir