BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş hökümetleri we tehnologiýa kompaniýalaryny emeli aňyň döredýän töwekgelçiliklerine bilelikde gözegçilik etmäge we azaltmaga çagyrdy. Bu barada RIA Nowosti agentligine salgylanyp, sputnik.kz habar berýär. “Bize hökümetleriň tehnologiýa kompaniýalary bilen emeli aňyň häzirki ösüşinden ýüze çykýan töwekgelçilikleri dolandyryş mehanizminiň, şeýle-de geljekki (bolup biljek) zyýany gözegçilikde saklamagyň we gowşatmagyň üstünde gyssagly işläp başlamagy gerek” – diýip, Baş sekretar belleýär. Dawosda geçirilen Bütindünýä ykdysady forumynda çykyş etmek bilen, Guterriş kompaniýalary emeli aňy dolandyrmagyň “baglanyşykly we uýgunlaşdyrylan modelini” işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn tagallalara işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Onuň pikiriçe, BMG bu meselede birleşdiriji roly ýerine ýetirmeli. Guterriş BMG-niň emeli aň meselesi boýunça konsultatiw edarasynyň bu tehnologiýany dolandyrmak boýunça deslapky maslahatlary eýýäm berendigini hem-de olaryň tehnologiýanyň artykmaçlyklaryndan peýdalanmaga we şol bir wagtyň özünde onuň döredýän töwekgelçiliklerini azaltmaga mümkinçilik berjekdigini belledi. “Bize ösüp barýan ykdysadyýetleriň onuň uly potensialyndan peýdalanmagy üçin emeli aňa elýeterliligi giňeltmek boýunça yzygiderli tagallalar gerek. Bize sanly deňsizligi güýçlendirmek däl-de, ýeňip geçmek gerek” – diýip, Guterriş sözüniň üstüni ýetirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir