Meksikanyň Olimpiýa komiteti öň 2036-njy ýyldaky Olimpiadany ýurduň çäginde geçirmek üçin tabşyran arzasyndan ýüz öwürdi. Report agentliginiň habar berşi ýaly, bu barada komitetiň başlygy Mariýa Hose Alkala aýtdy. Onuň bellemegine görä, Olimpiadany geçirmek üçin bäsdeşlik örän güýçli. Komitetiň başlygy munuň deregine Meksikanyň 2032-nji ýyldaky ýaşlar Olimpiadasyny geçirmek islegi bilen ýüz tutjakdygyny aýtdy. Munuň üçin ýurtda “ajaýyp mümkinçilikler” bar. Öň, 2036-njy ýyldaky Olimpiadany öz ýurtlarynda geçirmek islegi bilen Hindistan, Türkiýe, Indoneziýa we Polşa ýüz tutupdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir