17-nji ýanwarda Türkmenistanyň Katardaky ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Içeri işleri boýunça Döwlet ministri Şeýh Abdulaziz bin Faisal bin Mohammed Al Tani bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar konsullyk meselelerine degip geçdiler we migrasiýa ugry boýunça aragatnaşyk gurmagyň mümkinçiliklerine garadylar. Şeýle hem şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň maksadalaýyklygy bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir