Hytaýyň jemi içerki önümi (JIÖ) geçen ýyl 5,2% artyp, 17,71 trillion dollara ýetdi. Bu barada Hytaýyň Döwlet statistika gullugy (DSG) habar berdi diýip, Kazinform-a salgylanýan Trend ýazýar. Resmi maglumatlara görä, 2023-nji ýylda Hytaýyň jemi içerki önümi 126,06 trillion ýuana (takmynan 17,71 trillion dollar) ýetdi. Brifingiň dowamynda DSG-nyň müdiri Kang I Hytaýyň, daşarky basyşlara we içerki kynçylyklara garamazdan, 2023-nji ýylda öz maksatlaryna ýetendigini aýtdy. "Häzir hem daşarky şertler çylşyrymly we ýowuz bolamagynda galýar, içerki töleýiş ukyply isleg ýeterlik däl, käbir pudaklarda kuwwat aşa köp, sosial garaşmalar gowşak, töwekgelçilikler we gizlin howplar ýokary bolmagynda galýar, şol sebäpli Hytaýyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ýokary galyşlara iteklemek üçin entek birgiden kynçylyklar ýeňlip geçilmeli we meseleler çözülmeli" diýip, ol belledi. 2023-nji ýylda Hytaýyň goşulan senagat gymmaty ýyllyk deňeşdirilende 4,6% ösdi. Esasy serişdelere maýa goýumlarynyň ösüşi 3% derejesinde diýip hasaba alyndy we bölek satuw söwdasy ýylda 7,2% ösdi. Şol bir wagtyň özünde, 2023-nji ýylda sarp edilýän harytlaryň bölek satuw söwdasynyň umumy mukdary 47,15 trillion ýuana (takmynan 6,63 trillion dollar) ýetdi. Geçen ýyl işsizligiň derejesi ortaça 5,2% boldy. 2023-nji ýylda obaly migrant işçileriň umumy sany 1,91 million artyp, 297,53 milliona ýetdi. Olaryň ortaça aýlyk girdejisi 3,6% ýokarlanyp, 4780 ýuana (takmynan 672 dollar) ýetdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir