“Hytaý Täze ýyly” diýlip hem atlandyrylýan, Aý senenamasy boýunça ýetip gelýän Täze ýyl bilen baglylykda amerikan kompaniýasy Apple Aždarhanyň ýyly mynasybetli haşamlanan ikinji nesil AirPods Pro nauşnikleriniň çäkli seriýasyny çykardy. Original gutuly enjam kompaniýanyň saýtynda görkezilýär diýip, rbclife.ru habar berýär. MacRumors neşiriniň ýazmagyna görä, özboluşly AirPods Pro nauşnikleri Hytaýda, Gonkongda, Singapurda, Wýetnamda we Makaoda, şeýle-de Gök Aždarhanyň ýylyny belleýän Günorta Koreýada Apple-iň onlaýn dükanlarynda elýeterlidir. AirPods Pro USB-C zarýad berijisi üçin daşlykda haşamlanan aždarha eýe boldy, olaryň ýerleşdirilen gutusynda bolsa gyzyl aždarha şekillendirilen. Galan ýagdaýlarda bu nauşnikler hem funksiýa, hem baha taýdan adaty wersiýalardan tapawutlanmaýar. Mundan başga-da, Apple Hytaý Täze ýyly mynasybetli öz aksessuarlarynyň başga görnüşlerini-de hödürledi. Mysal üçin, onlaýn dükanda iPhone 15 Pro üçin gyzyl aždarhanyň şekili bolan OtterBox Lumen Series daşlygyny görmek bolýar.