2024-nji ýylda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Bг barada wise-premýer M.Mämmedowa Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şekillendiriş sungatynyň meşhur ussadynyň ýubileýi mynasybetli onuň döredijiligine bagyşlanan sergini hem-de türkmen suratkeşleriniň, bu ugurda bilim alýan talyplaryň, muzeý işgärleriniň we daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda “Pyragydan ruhlanan ussat” atly forumy guramak göz öňünde tutulýar. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň ýubileýi mynasybetli bellenen çäreleri guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir