Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow 19-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri barada hasabat berdi. Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda birnäçe teklipler hödürlenildi. Hususan-da parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde we durnukly ösüşi üpjün etmekde Bitaraplygyň ornunyň ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen, «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde howpsuzlygy pugtalandyrmakda we ynamy berkitmekde bitarap ýurtlaryň orny» atly halkara maslahatyny şu ýylyň birinji ýarymynda Aşgabatda geçirmek teklip edildi. Bu çärä ÝHHG agza ýurtlaryň hemişelik wekillerini çagyrmak göz öňünde tutulýar. Maslahata gatnaşyjylara ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän «Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň» esasy ugurlaryny, şeýle hem ýüze çykýan dürli halkara ýagdaýlary syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmekde bitaraplygyň wajyp gurallaryny ulanmak, syýasy dialogyň medeniýetini dikeltmek ýaly meselelere seretmäge mümkinçilik dörediler. Mundan başga-da Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek we giňeltmek maksady bilen şu ýylyň mart aýynda 4 bu Guramanyň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny guramak baradaky teklip beýan edildi. Şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentara Assambleýasynyň çäklerinde terrorçylyga garşy alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmak hem-de bu Assambleýanyň çäklerinde hereket edýän Terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça Komitetiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, şu ýylyň aprelinde bu Assambleýanyň wise-prezidenti we Komitetiň başlygy Reýnhold Lopatkanyň Türkmenistana saparyny guramak teklibi öňe sürüldi. Wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyny parlament agzalarynyň üsti bilen goldamak babatynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin şu ýylyň maý aýynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň sebitleýin duşuşygyny Aşgabatda geçirmek baradaky teklibi beýan etdi. Serdar Berdimuhamedow beýan edilen teklipleri makullady hem-de ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary, şol sanda ÝHHG bilen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutany ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir