Türkmenistanda milli “Elektron hökümet” ulgamyny emele getirmekde täze çemeleşmelerden ugur alynýar. Onda dünýä tejribesinde üstünlikli ulanylýan X-Road arhitekturasyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde üpjün edijini saýlamak işleri geçirilýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, sanly hyzmatlary yzygiderli artdyrmaga gönükdirilen çäreler görülýär. Sanly hyzmatlaryň täze görnüşleriniň hatarynda “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan hususy kompaniýalar bilen bilelikde işe girizilen “Duralga” atly mobil goşundysyny görkezmek bolar. Mundan başga-da, milli elektron kommunikasiýalar ulgamlarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň önümçilik binýadynda täze “Belet Video” hyzmaty işe girizildi we onda ylmy-okuw, aýdym-saz, okuw materiallary, habarlar, dokumental filmler ýaly dürli wideolaryň yzygiderli üstüniň ýetirilmegi ýola goýuldy. Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň döwrebaplaşmagy bilen ýurdumyzda internet akymlarynyň möçberiniň yzygiderli artýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň sanly hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir