Toyota kompaniýasy Camry sedanynyň täze nesliniň media ulgamy barada jikme-jiklikleri aýan etdi. Bu ýerdäki apparat platformasy köp babatda orta derejeli smartfonlardan pes däl we käbir ugurlarda, hatda, olardan hem ýokarydyr. Media ulgamy Qualcomm Snapdragon 8155 SoC-e esaslanýar, RAM we fleş ýadynyň göwrümi degişlilikde 12 we 128 GB. IXBT.com-yň habar bermegine görä, awtoulagyň bu media ulgamy, RAM kuwwaty boýunça hatda iň täze Samsung Galaxy S24-den hem ýokarydyr. Toyota interfeýsiň akgynly we çaltdygyny hem-de ses dolandyryşynyň has gowy işleýändigini ynandyrýar. Şeýle hem "akylly 3D ýüz tanaýşy" bar. Toyota täze Camry-ä, käbir täze A + klasly elektrik krossowerlerine we gabaraly elektrik sedanlaryna uly umyt baglaýar. Olar kompaniýa Hytaýda Toyota awtoulagynyň hemişelik eýeleriniň sanyny 10 milliona ýetirmäge kömek etmeli.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir