X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) Android programmasynyň indiki täzelenmesi bilen ulanyjylar ses we wideo jaňlaryny edip bilerler. Bu barada X-iň agzalan aýratynlyklary durmuşa geçirmegiň üstünde işleýän inženerleriniň arasyndaky çeşmä salgylanyp, TechCrunch habar berýär diýip, 3DNews habar berýär. X-iň ýolbaşçylygy wideo çagyryş aýratynlyklarynyň platformada peýda boljakdygyny geçen ýylyň awgust aýynda yglan edipdi we oktýabr aýynda bolsa ol iOS-yň sosial ulgam programmasyny ulanýanlar üçin elýeterli bolupdy. Şonda X-iň islendik ulanyjysynyň jaňy alyp biljekdigini, ýöne jaň etmäge diňe tölegli abonentleriň mümkinçiliginiň boljakdygyny bellemelidiris. Ulanyjylar gizlinlik we howpsuzlyk sazlamalarynda ses we wideo jaňlaryny işledip ýa-da öçürip bilerler. Olara jaň edip biljek adamlaryň sanawyny çäklendirmek hem mümkindir. X sarp edijileriň ünsüni özüne çekip biljek täze aýratynlyklary goşmagyny dowam etdirýär. Şeýlelik bilen, şu ýyl platformanyň, sosial ulgam ýaly Ilon Mask-a degişli xAI kompaniýasynyň emeli aňyna esaslanýan aýratynlyklarynyň boljakdygy belli boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir